Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýar. Ilçi 13-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda R.Meredow türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin ilçä hoşallyk bildirdi. Iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi. Iki ýurduň abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijeliligi aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda ilçi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.