Xiaomi kompaniýasy arzan bahaly täze «Redmi Smart TV A Pro 2025 Energy Saving Edition» telewizorlaryny hödürledi. Bu enjamlar Hytaýda eýýämden öňünden sargyt üçin elýeterli, bölekleýin satuwyna bolsa 14-nji fewralda başlanar diýip, Gizmochina neşiri habar berýär. Tapgyrda bäş sany model bar: 43 dýuýmlyk — 190 dollar; 50 dýuýmlyk — 225 dollar; 55 dýuýmlyk — 255 dollar; 65 dýuýmlyk — 335 dollar; 75 dýuýmlyk — 450 dollar. Bu telewizorlaryň hemmesi iň ýokary derejedäki energiýa tygşytlaýyş talaplaryna laýyk gelýär. Enjamyň esasy platformasy dört ýadroly (1,9 GGz takt ýygylykdaky) Arm Cortex-A55 SoC bilen işleýär. Operatiw ýady (RAM) – 3 GB, içerki ýady – 64 GB. Ekranyň durulygy – 4K, täzeleniş ýygylygy – 120 Gz. DCI-P3 reňk giňişliginiň 94%-ini görkezip bilýär. MEMC tehnologiýasyny goldaýar we «Xiao Ai» atly sesli kömekçi hem-de Wi-Fi 6 adapteri bilen enjamlaşdyrylan.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir