Toyota kompaniýasy elektrik ulaglary we gibridler üçin batareýalary gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýasyny döretdi. Täze usul peýdaly materiallaryň ýok edilmegini we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak bilen, ýakmak tapgyryny aradan aýyrýar diýip, Motor1 ýazýar. Adaty gaýtadan işleýiş usullary seýrek metallaryň ýitmegine we zyýanly zyňyndylaryň döremegine sebäp bolýar. Toyota-nyň täze usuly elektrolitleri distillasiýa arkaly çykaryp alýar, galan elementler bolsa sortlanylýar we gaýtadan öndürmek üçin iberilýär. Kompaniýa tehnologiýany 2010-njy ýylda işläp taýýarlamaga başlady we 2023-nji ýyldan bäri bolsa kämilleşdirilen prosesi synagdan geçirýär. Bu innowasiýa awtoulag pudagynda daşky gurşawy goramak boýunça çözgütleriň kabul edilmegini çaltlaşdyrar we kompaniýalara Ýewropanyň 2031-nji ýylda güýje girjek gaýtadan işleýiş standartlaryna laýyk gelmegine kömek eder diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir