Majin Bu lakamly insaýder täze iPhone SE 4 smartfonynyň ilkinji suratlaryny hödürledi. “Siz iPhone SE 4-üň çykmagyna taýýarmy?” – diýip, Majin Bu hödürlän suratlaryna teswir berdi. Maglumatlara görä, bu smartfon 6,06 dýuým displeý bilen üpjün ediler we ol A18 prosessorly iPhone 14-e meňzeş bolar. Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň iPhone SE smartfony 4,7 dýuým ekrana eýe bolupdy. Şeýle-de, iPhone SE 4 hereket düwmesi bilen 60 Gs OLED ekranyny we 48 Mp esasy kamera modulyny alar. Apple kompaniýasy iPhone SE-niň täzelenen wersiýasyny eýýäm şu hepde hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-den Mark Gurman habar berdi. Şeýle-de, kompaniýa M4 prosessorly täze MacBook Air noutbugyny, iPad we iPad Air planşetlerini hem hödürlemegi meýilleşdirýär. Maglumatlara görä, gajetler 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykar. Anonsyň 16-njy fewrala çenli bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir