2026-njy ýylda BMW benzin, dizel we gibrid görnüşleri öz içine alýan üç güýç gurluşly X5-iň täze neslini hödürlär. Elektrik wersiýasy täze Neue Klasse platformasynda gurlar we seljerijileriň çaklamalaryna görä, bu ony öz segmentinde iň meşhur krossower eder. Şol bir wagtda, iň köp garaşylýan täze önüm Toyota bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen wodorod hereketlendirijili X5-dir. Ýapon awtoulag ägirdiniň Mirai modeli babatda üstünlikli gazanan tejribesine esaslanýan bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy BMW-ni daşky gurşawyň goragy we öndürijilik taýdan möhüm ähmiýetli eder diýlip garaşylýar. Täzelenen X5-iň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylda bolar, wodorod wersiýasy bolsa biraz soň, belki 2028-nji ýyla çenli elýeter bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir