AnTuTu bençmark programmasynyň işläp düzüjileri eýelerinden iň gowy teswirleri alan smartfonlaryň 2025-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawyň başyny eýeleriniň 99,99% oňyn teswiri bilen Huawei Mate 70 Pro+ çekdi. Kompaniýa sanawdaky öňdeligini Huawei Pura 70 Pro+ modeli bilen ikinji orny eýeläp berkitdi. Hytaýlylar Huawei-niň bu iki flagman modelini hem halaýarlar. Üçünji orny Honor Magic V2 eýeledi: eýeleriniň 97,14%-lik oňyn teswirleri bilen Huawei Pura 70 Pro+ modelinden sähelçe baha bilen yzda galdy, ýöne Honor Magic6 modelinden öňde ýerleşmegi başardy. Şeýle hem sanawyň ilkinji onlugyna Samsung-yň iki modeli girdi: Galaxy S24+ we Galaxy Z Fold5, degişlilikde 8-nji we 9-njy orunlarda ýerleşdiler. Sanawyň 10-njy orny bolsa Xiaomi 15 modeline degişli boldy. Eýelerini kanagatlandyran smartfonlaryň sany boýunça lider kompaniýa Honor boldy: sanawda onuň üç modeli ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir