Ýapon awtoulag ägirtleri Honda bilen Nissan-yň birleşmegi baradaky gepleşikler petige diredi. Nissan öz konsernini, esasan, Hondanyň golçur kärhanasyna öwürjek teklibi ret edýär diýip, habarly çeşmelere salgylanýan Wall Street Journal ýazýar. Çeşmeler Honda-nyň öz paýnamalarynyň bir bölegini Nissan-a satyn almagy teklip edendigini aýdýar. Bu Nissan-y tabyn ýagdaýda goýardy we konsernde muny kabul ederliksiz hasaplardylar. Deslapdan iki tarap hem deň hyzmatdaş bolar diýip meýilleşdirilipdi. Honda-nyň pikirini üýtgetmeginiň sebäbi, myş-myşlara görä, Nissan-yň maliýe kynçylyklaryndan soň dikeliş depginine nägilelik bilen baglanyşykly. Şonuň üçin Honda çözgüde gelmekde öz täsirini artdyrmak kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, entek birleşmek pikirinden doly el çekmek barada gürrüň ýok. Wakanyň iki görnüşde öwrüm almagy mümkin: ýa-ha kompaniýalar ozal gazanylan şertnamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirerler ýa-da birleşmek üçin ylalaşykly çözgüde gelmegiň ýollaryny gözlemegi dowam etdirerler. Iki ýapon konsernini birleşdirmek meýilnamasy hakda gutarnykly karar fewral aýynyň ortalarynda kabul ediler diýip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir