Dubaýda “Dubaýyň termalary” ady bilen täze özboluşly desganyň gurluşygy başlar. Bahasy 2 mlrd BAE dirhamy (takmynan, $545 mln) bolan toplum şäheriň merkezindäki Zaabel seýilgähinde ýerleşdiriler. 100 metr beýiklikdäki desga suw-sagaldyş merkezini, akwaparky we üsti ýapyk botanika bagyny birleşdirer. Dubaýyň hökümetiniň metbugat gullugy Dubai Media Office-iň maglumatlaryna görä, ol şeýle formatda dünýäde iň ulusy bolar. Desganyň açylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär we her ýyl bu ýere 1,7 mln töweregi adamyň gelip görmegine garaşylýar. Termalar (latynça, thermae – grek dilindäki therme – ýylylyk, yssy) diýlip gadymy döwürde gyzgyn, ýyly we sowuk hammamlardan başga-da, bug otaglaryny, sport, ýygnanyşyk üçin zallary öz içine alýan jemgyýetçilik hammamlary atlandyrylypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir