Birnäçe günläp dowam eden güneşli howadan soň, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hepdäniň ahyrynda ýagyn ýagar diýip çaklaýar. Aşgabatda penşenbe güni hem güneşli howa dowam eder, emma eýýäm anna gününden howanyň bulutlaşyp, az-kem ýagyş gatyşykly garyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle hem arasy bölünmeler bilen duşenbe gününe çenli dowam eder. Dynç günleri howanyň temperaturasy 0…+2 gradusa çenli peseler. Ahal welaýatynda hepdäniň ahyrynda ýagyş we çygly gar görnüşinde ygal düşmek ähtimallygy ýokary. Howanyň temperaturasy –2…+3 gradusa çenli peseler. Balkan welaýatynda bulutly we şemally howa bolup, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri howanyň temperaturasynyň +3 gradusa çenli peseler diýlip çak edilýär. Mary welaýatynda dynç günleri ýagyş gatyşykly garyň ýagmagy mümkin. Termometriň simap sütünleri +2 gradusa çenli düşer. Lebap welaýatynda käbir ýerlerde az wagtlyk ýagyş ýagar. Dynç günleri gar ýagar. Howanyň gündizki temperaturasy –1…+4 gradus, gijeki temperaturasy –5 gradusa barabar bolar. Daşoguz welaýatynda dynç günleri ygal düşmek we howanyň gündizki temperaturasynyň –3 gradusa çenli peselmek ähtimallygy ýokary. Gijelerine –7 gradusa çenli sowuk bolar diýlip çak edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir