«RM Sotheby’s» auksion jaýynda seýrek Mercedes-Benz W196 Streamliner ýaryş awtoulagy 51 million ýewrodan gowrak baha satyldy. Bu ulag 1950-nji ýyllaryň ortalarynda sürüjileriň dünýä çempionatynda ýaryşa gatnaşyp, soň muzeýlerde saklanypdy. Awtoulagyň dizaýny Rudi Ulenhauta degişli bolup, ol 1954-nji ýylda FIA-nyň düzgünlerine laýyklykda döredilipdi. Bu modelden bary-ýogy 14 sanysy öndürildi: olardan 10-sy açyk tekerli, 4-si bolsa aerodinamiki akymly kuzowly görnüşde çykarylypdy. 1955-nji ýylyň möwsümi tamamlanandan soň, Mercedes-Benz ýaryşlardan uzak wagt çekildi. Auksionda satylan model häzirki wagta çenli saklanyp galan 10 nusganyň biridir. Şassi belgisi 00009/54 bolan awtoulag ilkibaşda açyk görnüşdedi. Huan Manuel Fanhio bu ulag bilen Buenos-Aýres Gran-prisinde ýeňiş gazanypdy. Soňra Stirling Mossuň talap etmegi bilen bu model Monzadaky ýaryş üçin Streamliner görnüşine geçirildi. Şol ýaryşda britaniýaly sürüji awtoulagy ýaryşdan çykarmaly bolupdy. 1965-nji ýyldan bäri ulag Indianapolis Motor Speedway muzeýinde saklanypdy. Ol iki gezek boýaldy, emma täzeden ýaryşda ulanylmady. Indi bolsa ol täze eýesini tapdy we auksionda satylan iň gymmat Mercedes-Benz modelleriniň biri boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir