Apple 2024-nji ýylda App Store, iCloud, Apple Music we TV+ ýaly tölegli hyzmatlaryna ýazylan abunalaryň sanynyň 1 milliarda ýetendigini habar berdi. Kompaniýanyň hyzmatlardan gazanan girdejisi 100 milliard dollara ýetip, Hytaýda iPhone satuwlarynyň peselmeginiň öwezini dolmaga ýardam berdi. 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple hyzmatlardan rekord derejede – 26,3 milliard dollar girdeji gazandy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% köpdür. Kompaniýanyň umumy girdejisi şol döwürde 4% artdy we 124,3 milliard dollara ýetdi. Arassa girdejisi bolsa 7,1% ýokarlanyp, 36,33 milliard dollar boldy. Hytaýda iPhone-laryň satuwy 11,1% azalyp, girdejisi 18,51 milliard dollara çenli peseldi. Munuň sebäbi ýerli öndürijiler bilen bäsdeşligiň güýçlenmegidir. Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk bu ýagdaýy Apple Intelligence hyzmatynyň entek Hytaýda we käbir beýleki esasy bazarlarda elýeterli däldigi bilen baglanyşdyrdy. Häzirki wagtda ol diňe iňlis dilinde 7 ýurtda işleýär, hytaý diliniň goldawyna bolsa 2025-nji ýylyň ahyrynda garaşylýar. Şeýle-de täze modelleriniň çykmagy bilen Mac we iPad satuwlary hem 15% artdy.