Braziliýaly hüjümçi Neýmar 12 ýyldan soň ýene “Santosyň” oýunçysy boldy. Bu klubda ol birwagtlar Pelä degişli bolan 10-njy belgini aldy. Bu barada toparyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi. 32 ýaşly futbolçy ýene-de bu toparda oýnamakdan hoşaldygyny aýdýar. “Şa Pele, siziň islegleriňiz – meniň buýruklarym. Tagt we täç hemişe siziňki bolar. Sebäbi siz baky. Ýöne 10-njy belgi... “Santos” we dünýä üçin uly ähmiýete eýe bolan mukaddes köýnekçäni geýmek – mertebe bolar. Men siziň rowaýatyňyza hormat goýmagy dowam etdirmek üçin mümkin bolan ähli zady ederin, şa Pele” – diýip, Neýmar braziliýaly klubuň metbugat gullugy tarapyndan ýerleşdirilen wideoda aýtdy. Neýmar “Santosda” 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda oýnady. Ol bu döwürde topar üçin 225 oýna gatnaşyp, 136 gol geçirdi we 64 assist etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 15 mln ýewro barabar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir