Microsoft täze Surface Laptop (7th Edition) noutbuk modelini we Surface Pro (11th edition) planşet modelini hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de öňki ölçeglerini saklap galdy: Surface Pro 11 planşeti 13 dýuýmlyk ekrana eýe boldy, Surface Laptop 7 bolsa 13,8 we 15 dýuýmlyk displeýlerde elýeterlidir. Olar EA tizleşdirijisi (NPU) bilen Intel Core Ultra 200 prosessorynda işleýär, şonuň üçin Copilot+PC talaplaryna laýyk gelýär. Microsoft bu gezek Windows-yň funksiýalaryna däl-de, täze Microsoft 365 Copilot EA funksiýalaryna aýratyn üns berdi. Mysal üçin, Microsoft 365 Copilot-yň kömegi bilen ulanyjylar Surface Pro-da tekst ýazyp ýa-da döredip biler, Copilot bolsa bellikleri seljerip biler. Şu ýylyň dowamynda kompaniýa noutbugyň 5G wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, 199,99 dollar bahadan Surface USB4 Hub dok-stansiýasy hödürlendi, ol 18-nji fewralda satuwa çykar. Şol gün hem 1499 dollar baha bilen Surface Laptop 7-niň we Surface Pro 11-iň satuwy başlar. Surface Pro 11 IPS we OLED displeýleri bilen elýeterlidir. Planşetde 1440p kamera, iki Thunderbolt 4 porty we 1 TB çenli saklaýjy bar. Surface Laptop 7 2304x1536 we 2496x1664 piksel ekranly wersiýalara eýe boldy. Ikisinde-de 1300:1 kontrastlyk, Dolby Vision IQ goldawy we Gorilla Glass 5 gorag aýnasy bar. Şeýle-de, 1080p web-kameralara hem-de Bluetooth 5.4 bilen Wi-Fi 7 goldawyna eýe boldy. Microsoft täze Surface Laptop-yň öňküsinden 26% tizdigini we 22 sagada çenli awtonom işi üpjün edýändigini aýdýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir