Google 2024-nji ýylda howpsuzlyk syýasatynyň bozulandygy üçin Google Play-de 2,36 milliondan gowrak Android programmasyny petikledi. Bu soňky ýyllarda rekord görkeziji boldy. Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylda 2,28 mln, 2022-nji ýylda 1,5 mln programma petiklendi. Şeýle-de, kompaniýa zyýanly programma üpjünçiligini, şol sanda internetde ulanyjynyň hereketini yzarlaýan programmalary ýerleşdirmäge synanyşan 158 müň işläp düzüji akkaunty üçin platforma elýeterliligi çäklendirdi. Bir ýyl ozal görkeziji 333 müň, 2022-nji ýylda 173 müň bolupdy. Blokirlemeleriň sanynyň artmagy zyýanly programmalary gözlemekde emeli aňyň ulanylmagy bilen baglanyşdyrylýar. “Häzirki günde biziň zyýanly programmalar üçin synlarymyzyň 92%-den gowragy emeli aňyň kömegi bilen geçirilýär” – diýip, Google belledi. Şeýle-de, kompaniýa programmalaryň artykmaç ygtyýarnama almagynyň 1,3 mln ýagdaýynyň öňüni aldy. Google Play Protect hatda Google Play-den daşary gurnalan programmalary goramak üçin täzelenme aldy. Programmalary işläp düzüjiler hem öz programmalaryny zyýanly SDK-dan we bikanun ulanylyş ýagdaýlaryndan has gowy goramak üçin täze gurallary aldy. API Play Integrity-nyň has giňden ornaşdyrylmagy ygtybarsyz çeşmelerden düzgün bozmalaryň 80% azalmagyna getirdi. Indi programma gurnamalarynyň 91%-i howpsuzlyk funksiýalaryny we gizlinlik goragyny ulanýar, bu operasion ulgamyň Android 13 we has giçki wersiýalarynda elýeterlidir. 2024-nji ýylda Google ygtybarsyz APK-ny blokirlemegiň synag ulgamyny 10 ýurda çenli giňeltdi. Bu 200 müň zyýanly programmany gurnamak üçin 36 mln synanyşygyň öňüni almaga mümkinçilik berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir