Apple 30-njy dekabrda tamamlanan 2025-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginiň girdejisi barada hasabat berdi. Bu kompaniýanyň taryhynda iň gowy çärýek, girdejisi 124,3 milliard dollar boldy. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 4% köp. Amal girdejisi 42,8 milliard dollara, arassa girdeji bolsa 36,3 milliard dollara ýetdi. Girdeji iPhone satuwyndan hem-de dakynylýan elektronikany we aksessuarlary öz içine alýan “beýleki önümler” segmentinden başga ähli ugurlarda diýen ýaly artdy: iPhone segmentindäki girdeji - 69,14 milliard dollar (bir ýyl ozal 69,70 milliard dollardy); Mac segmentindäki girdeji - 8,99 milliard dollar (bir ýyl ozal 7,78 milliard dollardy); iPad segmentindäki girdeji – 8,09 milliard dollar (bir ýyl ozal 7,02 milliard dollardy); beýleki önümler segmentindäki girdeji (Apple Watch-y we AirPods-y öz içine alýar) - 11,75 milliard dollar (bir ýyl ozal 11,95 milliard dollardy); hyzmatlar segmentindäki girdeji - 26,34 milliard dollar (bir ýyl ozal 23,12 milliard dollardy); Jemi girdeji - 46,90%, taryhda iň ýokary görkeziji. Hoş habaryň arasynda Apple-iň baş direktory Tim Kuk iPhone-yň geljeginiň “diýseň tolgundyryjydygyny” aýtdy we “birtopar innowasiýa çözgütlerini” söz berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir