LinkedIn soňky 12 aýyň dowamynda premium abunadan 2 milliard dollar girdeji gazandy we umumy ýyllyk ösüşi bolsa 9% boldy diýip, TechCrunch habar berýär. Bir milliarddan gowrak ulanyjysy bolan bu sosial platforma durnukly ösmegini dowam edýär. Çarşenbe güni Microsoft kompaniýasynyň çärýeklik maliýe netijeleri yglan edilende, LinkedIn-iň girdejisiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ýokarlanandygy bellenildi. Microsoft-nyň baş müdiri Satýa Nadella, soňky 12 aýyň dowamynda LinkedIn-iň premium abunalykdan gelýän girdejisiniň 2 milliard dollardan geçendigini tassyklady. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda premium abunalykdan alnan girdeji 1,7 milliard dollar bolupdyr, bu bolsa LinkedIn-iň 16,2 milliard dollarlyk umumy girdejisiniň takmynan 12,5%-ini düzýär. LinkedIn-iň baş müdiri Raýan Roslanskiniň aýtmagyna görä, abunalykdan 2 milliard dollar girdeji getirýän işi döretmek, taryh boýunça diňe sanlyja kompaniýanyň başaryp bilen uly üstünligidir. LinkedIn premium abunalygyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Iş gözlemek we professional ösüş üçin niýetlenen täze emeli aň gurallary premium ulanyjylaryň eýýäm 40%-i tarapyndan işjeň ulanylýar.