Fewral aýynda Ýerde geomagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu Günüň magnit meýdanynda Günüň ýel akymynyň geçmegine mümkinçilik berýän koronal deşigiň emel gelmegi bilen baglydyr. Bu barada Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň awtomatlaşdyrylan astrofiziki toplumynyň ýolbaşçysy Alfiýa Nesterenko salgylanýan TASS habar berdi. “Günüň magnitosferasynyň magnit meýdanynda koronal deşik emele geldi. Bu plazmanyň dykyzlygynyň we temperaturasynyň pes ýeri. Şeýle ýerlerde Günüň ýeliniň akymy çaltlaşýar we Ýeriň magnitosferasyna ýetýän ionlaşan bölejikler magnitosfera has güýçli zarba urýar, bu bolsa geomagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar "-diýip, ol düşündirdi. Hünärmeniň sözlerine görä deşik Ýere göni proýeksiýada ýerleşýär, bu Gün ýeliniň täsirini ýokarlandyrýar. “Häzirki wagtda Günüň üstünde ýedi sany Gün tegmiller topary emele geldi we bu işjeň ýerlerde elektromagnit işjeňliginiň ýokarlanmagyna, netijede planetamyzyň töweregindäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga ukyply zarýadly bölejikleriň akymlarynyň çykmagyna sebäp bolar"-diýip, Nesterenko belledi.