31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi. Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. “Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle-de ýerine ýetirilýän gurluşyk we enjamlaşdyryş işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy, ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmalydygy aýdyldy. Şunda Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi.