ABŞ-da elektrik ulaglarynyň we içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň bahasynyň tapawudy üç ýylda 50%-den 15%-e çenli azaldy. JATO Dynamics-iň seljerijileri elektrik awtoulaglarynyň indi öňküsinden has arzandygyny bellediler. Şeýle-de bolsa, olaryň bahasy adaty hereketlendirijili awtoulaglardan has ýokary. Şonuň üçin bahalaryň aratapawudy elektrikli awtoulaglaryň bahasynyň arzanlamagy bilen däl-de, eýsem adaty ulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Ýewropada we ABŞ-da elektrikli awtoulaglar öňki ýaly Hytaýdakydan has gymmat. ABŞ-da elektrik ulaglarynyň ortaça bahasy 2018-nji ýyldan bäri 25%, Ýewropada bolsa hümmetsizlenme nukdaýnazaryndan 15% arzanlady. Ýewropada baha tapawudy 22%, Angliýada bolsa 51% -den 18% -e çenli azaldy. Bu içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň bahasynyň 14% ýokarlanmagynyň çäginde bolup geçdi, elektrikli awtoulaglar bolsa bary-ýogy 11% arzanlady. Hytaýyň awtoulag öndürijileri elektrikli ulaglaryň bahasyny arzanlatmakda ABŞ-daky we Ýewropadaky bäsdeşlerinden öňe geçdi. Hytaýda bahasy 40 000 ýewro çenli bolan 180-den gowrak model bar, Ýewropada 30-a golaý şeýle model bar we ABŞ-da bolsa 10-dan hem az. Germaniýada we Kanadada subsidiýalaryň aýrylmagy elektrik awtoulag bazaryna eýýäm täsir etdi. Mundan başga-da, ABŞ-nyň täze prezidenti Donald Trampyň daşky gurşaw kadalaryny gowşatmagy we batareýa bilen işleýän ulaglara goldawy ýatyrmagy meýilleşdirýär, bu hem elektrik ulagy bazaryna oňaýsyz täsir eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir