Apple kompaniýasy iPhone-a Starlink hemra aragatnaşygyny birikdirmek mümkinçiligini synagdan geçirýär. ABŞ-da T-Mobile Starlink beta-programmasyna gatnaşýan we iOS 18.3-li smartfonlary ulanyjylaryň köpüsi habarlary hemra arkaly ibermek mümkinçiligine eýe boldy diýip, Bloomberg habar berýär. Hemra aragatnaşygy, öýjükli ulgam bolmadyk ýagdaýynda-da, dünýäniň islendik nokadyndan SMS ibermäge mümkinçilik berýär. Perplexity.ai munuň Apple-iň öňki hemra tehnologiýalary bilen deňeşdireniňde ösen çözgütdigini, sebäbi onuň hemranyň göni “göz öňünde” bolmagyny talap etmeýändigini ýazýar. Funksiýa adaty signal bolmadyk ýagdaýynda öýjükli aragatnaşyk sazlamalary arkaly awtomatik taýdan işjeňleşdirilýär. Geljekde Apple tehnologiýanyň mümkinçiliklerini giňeldip, sesli jaňlar we maglumatlary ibermek goldawyny goşmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir