Halkara alymlar topary Aýyň arka (garaňky) tarapynda 200 million ýyl mundan ozal emele gelen bolmagy mümkin ýüzlerçe kiçi gerişleri ýüze çykardylar. Bu açyş Aýyň heniz hem geologik taýdan işjeňdigini görkezýär. Smitsonow institutynyň we Merilend uniwersitetiniň alymlary wulkaniki sebitlerde ýerleşýän, her biri 10-40 gurluşdan ybarat bolan jemi 266 sany ownuk gerişleri ýüze çykardylar. «Köpsanly alymlar Aýdaky geologik prosesleriň esasy bölegi 2,5-3 milliard ýyl mundan ozal tamamlanandy diýip pikir edýär. Ýöne biziň barlaglarymyz şu tektoniki gurluşlaryň soňky 1 milliard ýylyň dowamynda hem işjeň bolandygyny we belki-de häzirki wagta çenli işjeňligini saklap gelýändigini görkezýär» diýip, Merilend uniwersitetiniň ylmy işgäri Jeklin Klark düşündirýär. Alymlar gerişleriň ýaşyny olaryň üstündäki kraterleriň (meteorit çukurlarynyň) sanyna esaslanyp kesgitlediler. «Kraterleriň sanyny hasaplanymyzdan soň, bu tektoniki gurluşlaryň soňky 160 million ýylyň dowamynda hem işjeň bolandygyny anykladyk» diýip, Klark aýdýar. Bu bolsa Aýyň ömrüniň standartlaryna görä gysga möhlet hasaplanýar. Alymlar bu açyşyň geljekki kosmos missiýalarynyň meýilleşdirilmegine uly ýardam berjekdigine ynanýarlar. «Aýyň heniz hem geologik taýdan işjeňdigini bilmek, geljekki astronawtlaryň, enjamlaryň we infrastrukturalaryň ýerleşjek ýerlerini dogry kesgitlemek üçin uly ähmiýete eýe» diýip, Klark belleýär.