Birleşen Arap Emirliklerinde ýagşy emeli ýagdyrmak üçin iki innowasion tehnologiýa ulanylyp başlandy. Gürrüň bulutlary “ekmek” üçin nanotehnologiýalar, şeýle-de dronlarda we uçarlaryň ganatynda elektrik razrýadnikleri gurnamak barada gidýär. Bu barada Bloomberg agentligine BAE-niň Milli meteorologiýa merkeziniň (NCM) ýolbaşçysy Abdulla Al Mandus gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu işläp taýýarlamalar köp çykdajy talap edýän suwy süýjetmek tehnologiýasyna has netijeli we tygşytly alternatiwa bolmaly. Häzirki wagtda ygal ýagdyrmak prosesi howada duz reagentlerini sepmek ýoly bilen amala aşyrylýar, ýöne bu topraklaryň şorlanmagy ýaly ýaramaz netijelere getirip biler. Hasaplamalar duzuň deregine nanobölejikleriň ulanylmagynyň ygallaryň döremek netijeliligini üç esse ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Uçarlaryň ganatynda ýa-da dronlarda gurnalan elektrik razrýadnikleriň kömegi bilen damjalary döretmäge esaslanýan elektrostatik usul bolsa bu görkezijini dokuz esse ýokarlandyryp biler. Ilkinji üstünlikli tejribe 2021-nji ýylyň tomsunda geçirildi. Işläp düzüjilere sebitde köp mukdarda ygal ýagdyrmak başartdy. Ýöne üstünliklere garamazdan, şeýle tehnologiýalaryň köpçülikleýin ulanylmagy infrastrukturanyň güýçli ygallara ýeterlik derejede taýýar däldigi sebäpli heniz mümkin däl. BAE emeli ygallary netijeli ulanmak üçin köp sanly meseleleri çözmeli bolýar. Çünki, 2024-nji ýylda güýçli ýagyş Dubaýyň ýollaryndaky hereketlere uly zyýan ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir