Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monakoda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan üstünligi bilen gutlady. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp boldy. «Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem «Galkynyş» topary täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy. Siziň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagyňyz ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy. Sizi uly üstünligiňiz — beýik ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn, Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin” diýip, döwlet Baştutany belleýär.