Saud Arabystany daşary ýurtlulara musulmanlar üçin mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän kompaniýalara maýa goýmaga rugsat berdi. Bu barada patyşalygyň Maýa bazarlarynyň edarasy (CMA) habar berýär. Şeýle çözgüt daşary ýurtly maýadarlara zyýaratçylary ýerleşdirmekden girdeji alýan kompaniýalarda paý satyn almaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlular diňe paýnamalara we beýleki käbir gymmatly kagyzlara maýa goýup biler. Ýöne olar şeýle kompaniýalaryň paýnamalarynyň 49%-inden gowragyna eýeçilik edip bilmez. Üýtgeşmeleriň maksady bellenilen şäherlerde taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybarat. Zyýarat Saud Arabystany üçin esasy girdeji çeşmesi hasaplanýar. 2019-njy ýylda Mekgä we Medinä 7,5 million töweregi zyýaratçy bardy, bu hem ýurda 12 milliard dollar girdeji getirdi. Häkimiýetler Vision 2030 maksatnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli zyýaratçylaryň sanyny 30 milliona çenli artdyrmak isleýär. Bu maksatnama ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir