Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) bilen adidas kompaniýasy 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň resmi topuny hödürledi. Ýaryş tomusda ABŞ-da geçiriler we taryhda 21-nji ýaryş bolar. Ýaryş ilkinji gezek alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçiriler. Final 2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäherindäki “Metlaýf” stadionynda geçer. Klublaýyn dünýä çempionatynyň häzirki ýeňijisi Angliýanyň “Mançester Siti” klubudyr. 2023-nji ýylda topar finalda Braziliýanyň “Fluminense” klubuny utdy.a