Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory hanym Samanta Mostine ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany General-gubernator hanym Samanta Mostine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstraliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi. Awstraliýanyň güni her ýyl 26-njy ýanwarda bellenilip geçilýär. Bu sene 1788-nji ýylda Sidneý-Kouwa Birinji flotuň gelip düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Baýramçylyk ilkinji gezek 1818-nji ýylda resmi ýagdaýda bellenilip geçildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir