Xiaomi ýanwar aýyndaky howpsuzlyk programma üpjünçiligini çykardy. Bellenilişi ýaly, bu täzelenme öňki gowşaklyklary aradan aýyrýan hem-de Android operasion ulgamynda we HyperOS interfeýsinde durnuklylygy ýokarlandyrýan örän möhüm täzelenme bolup durýar. Patç Xiaomi, Redmi we Poco smartfonlarynyň 15 modeli üçin niýetlenendir: Redmi Note 13 4G NFC; Redmi Note 12 Pro; Redmi Note 12 Pro + 5G; Redmi 14C; Poco C75; Redmi A3 Pro; Xiaomi 14; Xiaomi 14 Ultra; Redmi Note 13; Xiaomi 14T; Xiaomi 14T Pro; Redmi K80 Pro; Redmi K80; Redmi 13C; Poco C65. Şeýle-de, üç sany planşet modeli üçin hem programma üpjünçiligi çykaryldy: Redmi Pad SE 8.7 4G, Redmi Pad SE we Xiaomi Pad 6.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir