21-nji ýanwarda SpaceX Starlink hemralaryny Falcon 9 raketasy arkaly Ýere golaý pes orbita uçurdy. Takmynan 8 minutdan soň raketanyň birinji basgançagy şowly ýagdaýda Ýere dolanyp geldi we Atlantik ummanynda ýerleşýän ýüzýän platformasynyň üstüne gondy. Şeýlelikde, SpaceX Falcon raketasynyň birinji basgançagyny 400-nji gezek üstünlikli yzyna gondurmagy başardy diýip, Space.com habar berýär. Bu üstünlikleriň esasy bölegi SpaceX-iň esasy «işçi aty» hasaplanýan Falcon 9 raketasyna degişlidir. Kompaniýa bu tizlendirijileri yzygiderli gaýtadan ulanýar. Hatda Falcon 9 raketasynyň birinji basgançaklarynyň biri rekord goýup, 25 gezek uçurylyp, yzyna gondurylypdy. Käbir gonuşlar bosa Falcon Heavy raketasynyň basgançaklary arkaly amala aşyryldy. Falcon Heavy raketasynda Falcon 9 raketasynyň üç sany tizlendirijisi ýerleşýär. Bu 400 üstünlikli gonduryşlara, SpaceX-iň Aý we Mars saparlary üçin işläp düzýän Starship kosmos gämisiniň gonuşlary degişli däldir. Uzynlygy 123 metr bolan Starship kosmos gämisi, eýýäm 7 synag uçuşyny amala aşyrdy. Şeýle uçuşlaryň iň soňkusy 16-njy ýanwarda bolup geçdi. SpaceX-iň Super Heavy atly birinji basgançagy başlangyç meýdançasyna dolanyp gelip, Mechazilla diňiniň «penjelerine» tutunmagy başarypdy. Bu Super Heavy üçin ikinji üstünlikli gonuş bolup, ilkinjisi geçen ýylyň noýabr aýynda amala aşyrylypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir