20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Baş prokurory Ysa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada diplomatik wekilhanada habar berilýär. Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada belledi. Şeýle hem taraplaryň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.