2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär. Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17,97 milliona ýetdi. Premium kategoriýa degişli awtoulaglaryň satuwy bolsa 2,3% ýokarlanyp, 4,74 milliona ýetdi. Sedan we hetçbekleriň bazarynda iň meşhur model BYD Qin Plus bolup, jemi 480 025 awtoulag satyldy. Satylan awtoulaglaryň 63%-i, ýagny 304 388 sanysy gibrid görnüşi bolupdyr. Bu model diňe bir iň köp satylan sedan bolman, eýsem Tesla Model Y-den soň ýurt boýunça iň köp satylan awtoulag bolupdyr. Ikinji orunda BYD Seagull elektrikli modeli bolup, jemi 453 593 awtoulag satylypdyr. Üçünji orunda Nissan Sylphy ýerleşip, 342 395 awtoulag satylypdyr. Ilkinji bäşlige Volkswagen Lavida (322 933 sany) we SGMW Wuling Hongguang Mini EV (261 141 sany) hem girýär. Ilkinji onluga bolsa, degişilikde Volkswagen Passat, Volkswagen Sagitar, BYD Qin L, BYD Han we BYD Destroyer 05 girýär.