Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azalyp, 1,40828 mlrd boldy. HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň hasabatynda bir ýylda ýutda 9,54 mln adamyň dünýä inendigi we 10,93 mln adamyň ölendigi bellenilýär. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti 6,77 we 7,76 promille boldy. “Erkek ilatyň sany 719,09 mln (0,1 göterim azalma), zenan ilatyň sany 689,19 mln adam (üýtgewsiz) diýlip hasaplanylýar” – dýlip, hasabatda bellenilýär. Şeýle-de, ýaş gurluşy hem üýtgeşmelere sezewar boldy: zähmete ukyply ilatyň (16-59 ýaş) paýy 0,4 göterim punkt azalyp, 60,9% boldy. 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 1,6% artyp, 220,23 mln adama ýetdi. Şeýle-de, 2024-nji ýylda şäher ilaty 1,1% artyp, 943,5 mln adam boldy, oba ilaty bolsa 2,5% azalyp, 464,78 mln adama ýetdi. Hytaýyň ilatynyň azalmagy soňky 60 ýylda ilkinji gezek 2022-nji ýylda bellige alyndy – ol 850 müň adam azaldy. 2023-nji ýylda bu görkeziji ýene 2,08 mln adam azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir