Alymlar dünýäde mör-möjekleriň, esasanam arylar bilen kebelekleriň azalmagyndan alada edýärler. Bu ýagdaý oba hojalygynda uly mesele döredip biler, sebäbi ösümlikleri tozanlandyrmak üçin mör-möjekler zerurdyr. Bu meseläni çözmek üçin alymlar ownuk robot mör-möjekleri işläp düzýärler. Bu robotlar ösümlikleri hakyky mör-möjekler ýaly tozanlandyryp bilýär diýip, Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) resmi web saýtynda habar berilýär. MIT-niň alymlary täze robot mör-möjegiň ilkinji nusgasy bilen tanyşdyrdylar. Täze robot dört goşa ganatly we kiçi göwrümli bolup, öňki görnüşine garanyňda 100 esse uzak wagt – ýagny 1000 sekunt (17 minuda barabar) uçmagy başardy. Indiki maksat uçuş wagtyny 10 müň sekunda, ýagny takmynan 3 sagada ýetirmekdir. Täze gurluşly robot öňküsine garanyňa has durnukly bolup, ol howada yzygider iki gezek salto aşyp bilýär. Şeýle hem robotyň içindäki boş ýer elektroniki gurluşlary we batareýalary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Robotyň ganatlary, elastomer (süýnýän) materialdan we uglerod nanoturbalaryndan ýasalan elektrodlar arkaly hereket edýär. Täze tehnologiýa robotyň ganatlaryna has güýçli itergi bermäge mümkinçilik berýär. Alymlar robot mör-möjekler arkaly howada “MIT” ýazgysyny şekillendirdiler. Bu ösüşler entek hakyky mör-möjekleriň derejesine ýetmese-de, alymlaryň öňegidişligi uly täsir galdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir