Şu gün, 14-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň ştat-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu wakany şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm, aýratyn tapgyr hasaplaýandygyny aýtdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmagy göz öňüne tutýan meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşymak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlandy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle hem özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, Türkmenistanyň bu Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny BMG-niň goldajakdygyna ynam bildirdi. Bu Konsepsiýa BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň Sammitiniň» esasy mazmunyna köp babatda esaslanylyp taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu Konsepsiýany şol Sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň Paktyny» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasap edýär. BMG-niň Baş sekretary ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny nygtady. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryny ilerletmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady. Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Merkezi Aziýada howpsuzlygyň derejesi we ýagdaýy köp babatda häzirki döwürde sebit gün tertibinde durýan meseleleriň giň toplumynyň netijeli çözülmegine baglydyr. Şolaryň biri-de suw bilen bagly meseledir. Bu ugurda ýurdumyzyň garaýşy geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitinde anyk beýan edildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada suw bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyna seredilende halkara hukugy berjaý etmäge, sebitiň döwletleriniň bähbitlerini özara nazara almaga hem-de bu işe halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny çekmäge esaslanýan çemeleşmä eýerýär. Bu kadalaryň bozulmagy sebitiň ýurtlary üçin howply bolup, ekologik, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda ägirt uly töwekgelçilikleri döredýär. Owganystandaky ýagdaý Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar. Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady. BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady. Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk Halk Maslahatynyň Başlygy sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwlet bolup durýandygyny hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy bizi alada goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “ileri tutulýan hyzmatdaş” hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döretmek işine jogapkär düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup durýandygyny nygtady. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen hereketleri milli derejede hem, ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda halkara tagallalara öz goşandyny goşmagy bilen bagly hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen iri ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini tassyklap, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ynsanperwer gün tertibi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijelerine esaslanyp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridler we bosgunlar bilen işlemek boýunça tejribesini halkara derejede hem ulanmak teklibi beýan edildi. Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar. Halkara forumynyň geçirilmegi öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen bu sammite gatnaşmaga çagyrdy. Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda-da galjakdygyny belledi. Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewüliginiň nyşany bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir