Meşhur driftçi Keýiçi Suçiýa Hyundai-a Ioniq 5 N elektrik krossoweriniň ýörite wersiýasyny döretmäge kömek etdi. Drifte laýyklanan ýörite görnüş Suçiýanyň Drift King (“Driftiň şasy”) lakamynyň hormatyna DK Edition adyny aldy diýip, Carscoops habar berýär. Syrgynda dolandyrylýan ulaglaryň muşdaklary üçin niýetlenen awtoulag diňe Ýaponiýada we Günorta Koreýada satylar. Ýörite görnüş ulagyň ýerden beýikligini 15 mm kemeldýän ýörite podweska puržinlerini aldy. Şeýle hem oňa ýeňil, 21 dýuýmlyk tekerler we has kuwwatly tormozlar oturdyldy. Munuň netijesinde krossoweri dolandyrmak has gowulaşdy. Uglerod süýüminden edilen aerodinamiki obwes sagatda 140 km tizlige 93 kg basgyç güýjüni goşdy. Pakede öň splitter, bosaga nakladkalary, yzky diffuzor we adaty bolmadyk anti ganat girdi, bularyň hemmesi uglerod süýüminden ýasalan. 650 at güýçli Ioniq 5 N-iň güýç elektronikasy üçin drift-režimi bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir