Halkara alymlar topary uly göwrümli Beyond EPICA taslamasyny üstünlikli tamamlady. Ekspedisiýanyň çäklerinde ylmy gözlegçiler 2,8 kilometr çuňluga ýetip, ýaşy 1,2 million ýyldan gowrak bolan buzy çykardylar. Bu Antarktidanyň iň gadymy buzy diýip, NBC News ýazýar. Italiýaly glýasiolog Karlo Barbante tarapyndan gözegçilik edilýän bu taslama “Konkordiýa” gözleg stansiýasynyň golaýyndaky “Kiçi kupol C” sebitinde amala aşyryldy. Onuň durmuşa geçirilmegi üçin dört ýyl sarp edildi. Aşa temperatura şertlerinde (-35°C töweregi) 16 alymdan we tehniki işgärden ybarat topar her Antarktika tomsunda buz galyňlygyny burawlady. “Bu buz kerni (silindr sütüni görnüşindäki nusga) Ýeriň atmosferasynda bug gazlarynyň, himiki maddalaryň we tozanlaryň nähili üýtgändigi barada özboluşly maglumat berer” – diýip, Karlo Barbante belledi. Izotop seljermesi buzuň ýaşyny tassyklady. Maglumatlar millionlarça ýylyň dowamynda klimat üýtgemelerini we atmosferanyň ewolýusiýasyny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ylmy gözlegleriň esasynda Ýeriň atmosferasynda kömürturşy gazynyň konsentrasiýasynyň soňky 800 müň ýylda hatda has maýyl döwürlerde-de häzirki derejelere ýetmändigi barada netije çykaryldy. Belläp geçsek, häzirki derejeler öňki görkezijilerden 50% ýokarydyr. Bu açyş atmosferadaky häzirki üýtgeşmeleriň we olaryň netijesiniň geljekki planeta üçin möhümdigini görkezýär. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewropanyň birnäçe ýurdy tarapyndan goldanýan Beyond EPICA taslamasy Ýeriň klimat taryhyny öwrenmekde möhüm ädim bolar we alymlara planetamyzyň geçmişinde bolup geçen üýtgeşmelere has gowy düşünmäge kömek eder.