NASA we Italiýanyň kosmos agentligi LuGRE (Lunar GNSS Receiver Experiment) ulgamyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar. Tejribäniň maksady Aýda takyk nawigasiýa üçin GPS-i we Ýewropanyň hemra nawigasiýa ulgamy Galileo-ny ulanmak mümkinçiligini barlamakdan ybarat. Ulgam Artemis maksatnamasynyň çäklerinde missiýanyň Aýa uçuş, Aý orbitasynda bolmak we iki hepdäniň dowamynda Ýeriň hemrasynyň üstünde işlemek ýaly ähli tapgyrynda synalar. “Biz GPS-iň Ýerde durmuşymyzy ýeňilleşdirýändigine öwrenişdik. Indi Artemis maksatnamasy bilen, biz bu tehnologiýalaryň Aýda hem ulanylyp bilinjekdigini subut ederis” – diýip, NASA-nyň administratorynyň orunbasary Kewin Koggins belledi. Şeýle-de, tejribe Ýerden 116 000 mil uzaklykda GPS signalyny kabul etmek boýunça dünýä rekordyny goýan Magnetospheric Multiscale missiýasynyň üstünligini dowam etdirer. LuGRE bu rekordy giňeltmegi we Aýda signallary kabul etmegi maksat edinýär. Synag halkara hyzmatdaşlygy üçin hem möhüm ähmiýete eýe – italiýaly hünärmenler kabul edijiniň programma üpjünçiligini we enjam bölegini işläp taýýarladylar. Bu Aýyň üstünde ulanyljak ilkinji italýan enjamy bolar. “Bu taslama sap tehnologiýa üstünlikleriniň çäginden çykýar. Biz tutuş adamzadyň bähbidine Aý missiýalaryny has elýeterli hem netijeli etmäge çalyşýarys we muny halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde edýäris” – diýip, Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezinde nawigasiýa ugrunyň ýolbaşçysy Joel Parkel belleýär. Synaglaryň dowamynda alnan ähli maglumatlar ýarym ýyldan köpçülige hödürlener, bu hem dünýädäki gözleg we täjirçilik guramalaryna synagyň netijelerini ulanmaga mümkinçilik berer. LuGRE NASA-nyň CLPS (Commercial Lunar Payload Services) maksatnamasynyň çäklerinde on tejribesiniň biridir. Onuň üstünligi Aý missiýalary üçin nawigasiýalaryň geljeginde möhüm rol oýnap biler.