Accenture kompaniýasynyň barlagyna görä, geljekki 10 ýylyň dowamynda sanly tehnologiýalar uly özgerişliklere sezewar bolar. Munuň sebäbi emeli aňyň çalt ösüşi bilen baglydyr. 2030-njy ýyla çenli kärhanalardaky sanly ulgamlar adamlar tarapyndan däl-de, emeli aňly agentler (AI tehnologiýalary) tarapyndan dolandyrylar. 2032-nji ýyla çenli bolsa adamlar programmalara göni girmegiň ýerine, şol programmalary ulanmaga kömek edýän emeli aňly agentler bilen aragatnaşykda bolarlar diýip, ZDNet habar berýär. Hasabatyň awtorlary bu özgerişligi “uly ikileýin partlama” diýip atlandyrýarlar. Bu düşünje, emeli aň modelleriniň tebigy dile doly düşünip, ony üstünlikli ulanyp başlandygyny aňladýar. Accenture kompaniýasynyň baş tehniki müdiri Kartik Naraýnyň pikirine görä, täze tehnologiýalar sanly mümkinçilikleri giňeldýär we emeli aňyň beýleki kärhanalaryň düzümlerine has çalt ornaşmagyna ýol açýar. Hasabatda geljekde tehnologiýalaryň ösmegine täsir etjek üç ugur kesgitlenýär: Agent ulgamlary – özbaşyna işlemäge ukyply emeli aň agentleri. Sanly ýadro – maglumatlary dolandyrýan esasy tehnologiýalar. Generatiw ulanyjy interfeýsleri – adamlaryň programmalar bilen aňsat aragatnaşyk saklamagy üçin niýetlenen interfeýsler. Bu ugurlaryň ählisi çalt ösýär we giňeýär. Bu bolsa kompaniýalara has akylly we kämil sanly ulgamlary döretmäge kömek edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir