Amerikan tehnoägirdi bolan Apple Şanhaýda uly maglumat (big data) we emeli aň tehnologiýalary bilen bagly programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we kämilleşdirmek üçin ýörite täze bölüm açdy diýip, Yicai Global agentligi habar berýär. “Apple Technology Development Shanghai” atly bu täze bölümiň döredilmegi üçin 35 million dollar maýa goýuldy. Häzirki maglumatlara görä, bölümiň esasy işi programma üpjünçiligini işläp düzmek, uly maglumatlary işlemek we saklamak bolar. Bu bölümiň döredilmegi Apple kompaniýasynyň Hytaý bazarynda emeli aň ulgamlaryny işe girizmek baradaky tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Yicai Global-yň habaryna görä, täze bölümiň açylmagy Apple kompaniýasynyň Hytaýda “Apple Intelligence” atly emeli aň tehnologiýasyny işe girizmek baradaky meýilnamalaryny tassyklaýar. “Apple üçin, Apple Intelligence Suite ulgamyny Hytaýda işe girizmegiň möhüm şerti, maglumatlaryň şol ýerde saklanmagydyr. Apple-yň Şanhaýdaky täze bölümi ýerli maglumatlaryň işlenmegi boýunça bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär” diýip, amerikan maslahat beriş kompaniýasy Oliver Wyman-yň öňki hyzmatdaşy Çžan Çzýuni agentlige beren düşündirişinde belläp geçdi.