Beýik Britaniýada Oksfordşirdäki “Dýuars Farm” käninde alymlar dinozawrlaryň 166 million ýyllyk ýaşy bolan 200 töweregi aýak yzyny tapdylar. Bu yzlar ot iýýän äpet zawropodlara we ýyrtyjy megalozawrlara degişlidir diýip, CNN habar berýär. 2023-nji ýylda ýerdäki adaty bolmadyk nätekizlikleri ilkinji bolup Geri Jonson atly işçi gördi. Bular soňra Beýik Britaniýanyň gadymy süýrenijiler ýaşan iň uly ýerinden geçen dinozawrlaryň aýak yzlarydygy anyklandy. Alymlar 2024-nji ýylyň tomsunda gazuw-agtaryş işlerine başladylar we onuň dowamynda bäş dürli ýodany tapdylar. Olaryň iň uzyny 150 metre ýetýär. Zawropodlaryň 90 santimetr uzynlykdaky yzlarynyň arasynda uzynlygy 65 sm bolan iri ýyrtyjy megalozawrlaryň yzlary hem bar. Gözlegler dinozawrlaryň sagatda, takmynan, 5 km tizlikde hereket edendigini görkezdi, bu adamyň tizligi bilen deňdir. Çygly toprak ýaly üýtgeşik ýer şertleri yzlaryň ajaýyp ýagdaýda saklanmagyna kömek edipdir. Şeýle tapyndylar alymlara dinozawryň özüni alyp barşy, hereketi we jemgyýetçilik gurluşlary barada gymmatly maglumatlary berýär hem-de bu gadymy jandarlaryň daşky gurşaw bilen nähili täsirleşendigine has gowy düşünmäge kömek edýär.