AC Future kompaniýasy Las-Wegasda CES 2025 sergisinde Pininfarina dizaýn studiýasy bilen bilelikde döredilen özboluşly AI-THd ulag öýi hödürledi. Bu barada New Atlas neşiri habar berdi. A kysymly kaşaň furgonyň uzynlygy 6 metr, ýygnalgy ýagdaýda tutýan ýeri adaty kemperiňkiden uly däl. Şeýle-de bolsa, ykjam ulag süýşürilýän modullaryň kömegi bilen 37 inedördül metr meýdany bolan doly derejeli jaýa öwrülýär. Awtoulagyň gurluşy iki gapdala we yza süýşürip, ýaşaýyş jaýyny giňeltmäge mümkinçilik berýär. AI-THd-iň esasy aýratynlyklaryndan biri - sazlanylýan ýeri üçeginde bolan adaty bolmadyk yzky giňeldiş ulgamydyr. Ýygnalgy ýagdaýynda bu modul furgona aerodinamiki şekil berýär, açylgy ýagdaýynda bolsa giň ýaşaýyş jaýyna öwrülýär. AI-THd-iň giň salonyna şu aşakdakylar ýerleşdi: Goşmaça ýatylýan ýerlere öwrüp bolýan ýygnalýan nahar stoly we diwanlar bilen enjamlaşdyrylan myhman otagy we naharhana. Gazojak, gap-gaç ýuwýan maşyn we sowadyjy bilen enjamlaşdyrylan iki iş zolagy bolan aşhana. Içi duş kabinaly, elýuwarly we hajathanaly, şeýle hem kirmaşynly we guradyjyly hammam. Aşhanadan we myhman otagyndan aýry ýerleşdirilen iki adamlyk ýatalgaly ýatyş otagy. Ulag öýüň ähli ýeri giňiş we ýagty edýän uly penjireler bilen enjamlaşdyrylandyr. AI-THd akylly öýüň ulgamlary, köp zolakly howa-gözegçilik we 5 kWt kuwwatly Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, ulag öý suwy gaýtadan işleýji ulgam we internet birikmesi bilen enjamlaşdyrylandyr, bu hatda uzak ýere çykylanda-da özbaşdaklygy üpjün edýär. AI-THd-i köpçülikleýin öndürmek 2026-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär.