Islegleriň artmagy we uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýakyn ýyllarda ABŞ-nyň kosmodromlaryna aşa agram düşer diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär. 2024-nji ýylda uçuşlaryň görlüp-eşidilmedik mukdary hasaba alyndy (150-den gowrak), olaryň aglabasy üç meýdançada amala aşyryldy. Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşen uçuşlaryň badalga toplumy iň ýüki ýetik toplum boldy (67 uçuş). Ikinji orny Kaliforniýadaky Wandenberg bazasy (47 uçuş), üçünji orny bolsa Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezi (26 uçuş) eýeledi. WSJ uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen, bu meýdançalaryň dyknyşyklara duçar bolup, kosmosa barmaly zerur ýükleriň wagtynda ýetirilmegini kynlaşdyrjakdygyny ýazýar. Federal raýat awiasiýasy müdirliginiň (FAA) öňki ýolbaşçy işgäri Jorj Nildiň sözlerine görä, islendik heläkçilik kosmodromyň işini birnäçe aýlap bökdäp biler diýip, bilermenler duýdurýarlar. Beýleki kosmodromlar federal rugsady almakda kynçylyk çekýär, käbirleriniň bolsa deňze çykalgasy ýok. Raketalar adatça, ilata howp salmazlyk üçin, kenarýaka sebitlerden uçurylýar. Kenar ýakasynda uçuşlaryň täze badalga meýdançalaryny gurmak hem kyn, çünki ýerli ýaşaýjylar, köplenç, päsgelçiliklerden we goh-galmagallardan zeýrenýärler. FAA-nyň ýolbaşçylygyndaky Milli kosmodromlar strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça topar bu meseläni çözmek bilen meşgullanýar. 2025-nji ýylda bu iş boýunça hünärmenleriň hasabat bermegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir