Xiaomi "SU7-niň" öňdäki bagažynda gündelik durmuşda peýdalydygyny tassyklady: ol janly balygy daşamak üçin hyzmat edip bilýär diýip, IXBT ýazýar. SU7-niň ýük ýeriniň bu özboluşly funksiýasy barada Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun köpçülige mälim etdi. Ol elektromobili satuwa goýbermek boýunça maslahatda yzky ýük goýulýan ýerden yslaryň salona girmezligi üçin tutulan balygy bu ýere goýup boljakdygyny aýtdy. Täze SU7-niň eýeleriniň biri bu tejribäni barlap görüp, 105 litrlik bloguň, hakykatdan hem, janly balygy daşamak üçin laýyk gelýändigine göz ýetirdi. Xiaomi SU7-niň öňdäki ýük ýeri plastikden ýerine ýetirilen we suwuklygy akdyrmak üçin iki rezin gapagy bar. Bu içine suw guýup, balygy ter saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, ýük ýeriniň ýokarky bölegindäki dykyzlyk suwuň agyp dökülmezliginiň öňüni alýar, şol sebäpli onuň ulanylmagy awtomobil üçin howpsuzdyr. Drenaž ulgamy ýük ýerini ulanylandan soň aňsatlyk bilen arassalamaga mümkinçilik berýär. Öň, Xiaomi SU7-de Xiaomi telefonyny awtomobile birikdirmek bilen awtomobiliň öňki kamerasyny wideo jaňlar üçin ulanmak mümkinçiligi peýda boldy. Şeýle funksiýa ýoldan ünsüňi sowman aragatnaşykda galmaga mümkinçilik berýär. Ýöne ol diňe Xiaomi HyperOS 2 ýa-da HyperOS 1 goldawy bolan we degişli HyperConnect wersiýalary bolan smartfonlarda elýeterlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir