Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Brisbende geçirilýän Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşynyň çärýek finalynyň oýnunda amerikaly Raýli Opelkadan utuldy. Duşuşyk iki setde 7:6 (8:6), 6:3 hasabynda Opelkanyň peýdasyna tamamlandy. Jokowiç ýaryşda birinji belgi bilen ýerleşdirildi, amerikaly belgi almady. Ýarym finalda Opelka fransiýaly Jowanni Mpetşi-Perrikar bilen oýnar. Jokowiç 37 ýaşynda. Ol häzir ATP-niň dünýä reýtinginde ýedinji setirde ýerleşýär. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda 99 ýeňiş, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar – erkekleriň arasynda ýekelikde rekord. Serbiýaly Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi (2024), Olimpiadanyň bürünç baýragynyň eýesi (2008) we Dewisiň Kubogynyň eýesidir (2010). Şeýle-de, oňa dünýäniň birinji raketkasy hökmünde geçirilen hepdeleriň sany boýunça (428) absolýut rekord degişlidir. Opelka 27 ýaşynda bolup, ATP reýtinginde 293-nji orny eýeleýär. Türgeniň hasabynda guramanyň howandarlygynda dört titul bar. Onuň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iň ýokary netijesi 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň dördünji tapgyryna çykmagy boldy. Brisbendäki ýaryş ATP 250 kategoriýasyna degişli. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi bolgariýaly Grigor Dimitrowdyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir