Redmi kompaniýasy iki sany täze - Book 14 2025 we Book 16 2025 noutbuklarynyň çykjakdygyny bildiriş etdi. Täze noutbuklar 47 Wt-a çenli energiýa sarp edýän 12 ýadroly Intel Core i5-220H prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Sowatmak üçin iki sowadyjy ýelpewaç we diametri 8 mm-lik bir jübüt ýylylyk turbalary ulanylýar. Operatiw ýady - LPDDR5X. Redmi Book 16 2025 modeli 2,5K durulykda, Redmi Book 14 2025 - 2,8K durulykdaky ekranlary aldy. Iki panel hem 120Gs täzeleniş tizligini, 400kd/m² ýagtylygy goldaýar we 100% sRGB reňk giňişligini gurşap alýar. Noutbuklar demir korpusly ýasalýar. Iki enjamyň hem galyňlygy 15,9 mm, uly modeliň agramy 1,65 kg, kiçisi modeliňki - 1,36 kg. Sygymy 72 Wts-lik batareýa 19 sagada çenli özbaşdak işläp bilýär. Bahalar ýadyň konfigurasiýasyna baglylykda üýtgeýär. Redmi Book 14 2025: 16/512 GB - 630 $, 16 GB / 1 TB - 670 $, 32 GB / 1 TB - 710 $; Redmi Book 16 2025: 16/512 GB - 660 $, 16 GB / 1 TB - 700 $, 32 GB / 1 TB - 740 $.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir