27-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler. Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekmegi dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde anyk wezipeler kesgitlenildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir