NASA NGC 2264 adyny alan ýaş ýyldyzlaryň üýşmeginiň suratyny hödürledi. Bu kosmiki “Roždestwo arçasy” Ýerden, takmynan, 2500 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Surat 17-nji dekabrda düşürildi we ol NASA-nyň “Çandra” kosmiki rentgen obserwatoriýasynyň maglumatlaryny hem-de Arizonadaky astrofotograf Maýkl Klouwyň teleskopynyň optimiki maglumatlaryny birleşdirýär. Bu suratda ýyldyzlaryň ýaşy 1-den 5 mln ýyla çenli. Deňeşdirmek üçin, Günüň ýaşy 1000 esse uly, ýagny 5 mlrd ýyla deň. NGC 2264 üýşmesinde ýyldyzlaryň ululygy 0,1-den 7 Gün massasyna çenli aralykda üýtgeýär. Asman ýyldyzlary bu suratda gök we ak çyrajyklar ýaly görünýär. Arçanyň şahalaryny ýatladýan daş-töweregindäki gaz bolsa ýaşyl öwüşgini emele getirýär. NGC 2264 üýşmesi “Roždestwo arçasy” bilen ilkinji gezek baglanyşdyrylmaýar. Geçen ýylky suratda ol yşyklar we bezeg çyralary bilen bezelen şekilde peýda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir