GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazarynda sport dizaýny we ýokary derejeli enjamlary bilen tapawutlanýan Camry Glorious Edition sedanyny satuwa çykardy. Mundan ozal biz Brilliant Edition ady bilen hem tanalýan bu modeliň bildiriş edilendigi barada habar beripdik. Täze önüm üç güýç gurluşda elýeterlidir: adaty benzinli hereketlendiriji hem-de 2,0 we 2,5 litrlik tebigy islegli hereketlendirijileriň esasynda iki gibrid. Modeliň dizaýn aýratynlyklary tutuksy çal reňkde ýerine ýetirilen kuzowyndan, nyşanlary, at ýazgylary we radiator paneli bolsa gara reňkde bolýandygyndan ybaratdyr. Interýerinde welwet we hakyky deri ulanylýar. Atmosferany döretmek üçin bolsa 64 öwüşginli fon yşyklandyrylyşy göz öňünde tutulan. Awtoulag öňdäki splitter, diffuzor we yzky spoýler ýaly sport elementlerini aldy. Ýokary tehnologiýaly opsiýalarda goşa 12,3 dýuýmlyk ekran, proýeksiýa ekrany, Dynaudio audioulagmy we panoramaly üçek bar. Modeliň bahasy 27,8 müň dollardan başlaýar.