YouTube klikbeýt mazmunlaryna garşy çäreleri güýçlendirýär. Google-yň blogunda wideo hostingiň görkezilen sözbaşa ýa-da prewýu (surat) gabat gelmeýän wideolary duýdurmazdan aýryp başlajakdygy habar berilýär. “Biz sözbaşylary ýa-da miniatýurasy tomaşaçylara wideodakydan düýbünden başga zady wada berýän wideolara gözegçiligi güýçlendirmegi meýilleşdirýäris” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Täze düzgün Hindistanda güýje girip başlar we kem-kemden beýleki ýurtlara ýaýradylar. YouTube-da häzirki wakalara we täzeliklere bagyşlanan wideolara aýratyn üns beriljekdigi bellenildi. “Wideo soňky täzeliklere ýa-da häzirki wakalara bagyşlanan bolsa, bu YouTube-yň tomaşaçylaryny ýalňyşdyrmazlyk üçin aýratyn wajypdyr” – diýip, Google-yň wekilleri belledi. Kompaniýa klikbeýt sebäpli tomaşaçylaryň özüni “aldanan we lapykeç” duýýandygyny belleýär. Täze syýasat auditoriýanyň platforma bolan ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir