Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons özüni täze bir rolda barlap görýär. Söweşiji Golliwudyň harby tematikaly filminiň surata düşürilişine gatnaşýar. Ol sosial ulgamlarda surat we wideo ýerleşdirip, prosesiň perde aňyrsyny görkezdi. “Ine, bu tejribe! Özümi täze oýunda başlaýan ýaly duýýaryn, ýöne hemişekisi ýaly işlemäge taýýar. Meniň üçin bu uly hormat we höweslendiriji, men öňde boljak zatlara diýseň begenýärin. Bu diňe bir başlangyjy. Iş dowam edýär – hakykatdanam, aýratyn bir zady dörederis. Geljek gaty ýagty görünýär!” – diýip, Jons öz postunda belledi. “Leýtenant Bouns siziň hyzmatyňyzda” – diýip, 37 ýaşly söweşiji wideoly postuň aşagyna goşdy. Ýatlap geçsek, noýabr aýynda Jons UFC 309-da Stipe Mioçiçe garşy söweşde ýeňiş gazanyp, çempionlyk guşagyny gorady. Söweş üçünji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy. “Bounsyň” indiki garşydaşy promouşeniň wagtlaýyn çempiony Tom Aspinall bolup biler. “2025-nji ýyl, Tom Aspinall bilen Jon Jons. Agyr agramda guşaklary birleşdireliň. Ýöne ýatdan çykarmaň, men Stipe Mioçiç däl. Men düýbünden başga söweşiji. Başarnyklarym başga. Bu güýç, agressiýa, tizlik babatda. Men iki guşak ugrunda. Bu 2025-nji ýylda bolar” – diýip, Aspinall sosial ulgamlardaky sahypasynda ýazdy.