Hytaýyň Dalýan kenarýaka şäherinde dünýäniň emeli adadaky iň uly howa menziliniň gurluşygy başlandy. Bu howa menzili Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen möhüm söwda merkezine öwrülen şähere hyzmat eder diýip, South China Morning Post habar berýär. Szinçžouwan howa menziliniň meýdany 20 inedördül kilometre barabar bolar. Ol ýylda 43 million ýolagça hyzmat eder. Alty milliondan gowrak ilaty bolan Demirgazyk Bohai bogazynyň ýarym adasynda ýerleşýän bu şäher gämi gatnawynyň, nebiti gaýtadan işlemegiň we kenarýaka syýahatçylygynyň merkezidir. Welaýat häkimliginiň habaryna görä, Szinçžouwan howa menzilinde dört sany uçuş-gonuş zolagy we 900 000 inedördül metr meýdany bolan terminal gurlar. Taslamany 2035-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.